Abraýly ýaryşda çykyş ederler

22 Fewral 2021
871

AFK-nyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň çempionlygyny hem-de Kubogyny eýelän Aşgabadyň «Altyn Asyry» «F» toparçada Täjigistanyň çempionatynda kümüş medaly gazanan «Hojand», Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji orny eýelemek bilen jemlän «Alaý», Özbegistanyň çempionatynda bürünç medalyň eýesi bolan AGMK ýa-da bu ýurduň wise-çempiony «Nasaf» toparlary bilen güýç synanyşar. Sebäbi AGMK Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşar hem-de yklymyň bu abraýly ýaryşynyň toparçasyna düşen ýagdaýynda onuň AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşikdäki ornuny «Nasaf» eýelär.

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynda ikinji orna eýe bolan Ahal welaýatynyň «Ahal» topary «E» toparçada Täjigistanyň Kubogynyň eýesi «Rawşan» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» toparlarynyň garşydaşy bolar.

Beýleki habarlar