Işleri täzeçe guramak döwrüň möhüm talaby

22 Fewral 2021
1817

Ulag pudagy dünýäde globallaşma hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biri bolup, durnukly ösüşi üpjün etmegiň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülýär. Her bir döwlet özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşişiniň we mümkinçilikleriniň hasabyna milli derejede ösüşi üpjün etmekde geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär.

Ýurdumyz Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini, Demirgazyk — Günorta we Hazar deňzi — Gara deňiz multimodal ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan agzalan ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyryp, söwda-ykdysady mümkinçilikleri doly derejede durmuşa geçirmeklige bütindünýä ähmiýetli mesele hökmünde garaýar.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar