Aşgabat — halkara sport ýaryşlarynyň mekany

22 Fewral 2021
893

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Mähriban halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň öňe süren başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar