Buzdan ýasalan heýkeller

21 Fewral 2021
2846

Mähriban çagalar, aýazly günleri köp bolan sowuk howaly ýurtlarda ägirt uly buz böleklerinden dürli heýkelleri we şekilleri ýasamak bilen meşgullanýan heýkeltaraşlar bar. Olar howanyň maýyl wagtynda agaçlardan we beýleki materiallardan heýkelleri ýasaýan bolsalar, gyşyň gelmegi bilen kölleriň, derýalaryň doňup, buza öwrülen böleklerinden dürli şekilleri ýasamak bilen meşgullanýarlar. Howanyň temperaturasynyň pes bolan wagty heýkeller durkuny üýtgetmän saklaýarlar, emma howanyň maýlamagy bilen bu täsin şekiller eremek bilen bolýarlar.

Heýkeltaraşlaryň aýtmagyna görä, bu heýkelleri ýasamak üçin iň esasy şertleriň biri buzuň abatlygy we hiç ýeriniň jaýryk bolmazlygydyr. Şeýle-de, doňan suwuň durulygy hem heýkelleriň has owadan durkuna, görküne öz täsirini ýetirýär.

Beýleki habarlar