«Altyn kölüň» kenarynda

18 Fewral 2021
1992

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu ýerde ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak hakynda Karara gol çekmegi aýratyn guwandyryjydyr.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşen «Altyn kölüň» kenarynda geçen ýyl ähli amatlyklary bolan häzirki zaman dynç alyş düzüminiň kemala gelendigi taryhy hakykatdyr.

Maksat ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.
Beýleki habarlar