Tälimçiniň ilkinji şowly gadamlary

17 Fewral 2021
903

Fransiýanyň çempionatynda «Nant» topary 69 ýaşly tälimçisi Raýmond Domenegi wezipesinden boşatdy. Tejribeli tälimçi geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda wezipä bellenipdi. Ol 8 oýunda toparyna ýeke gezek hem ýeňiş gazandyryp bilmedi. «Nant» onuň ýolbaşçylygynda 4 oýunda deňme-deň oýnap, 4 duşuşykda-da ýeňlişe sezewar boldy. 2004 — 2010-njy ýyllarda Fransiýanyň ýygyndysyna tälim beren Domenek «Nant» bilen şertnama baglaşýança 10 ýyllap ýeke topara-da tälimçilik etmändi. Domenegiň ornuna «Nantyň» täze tälimçisi Antuan Kumbuare boldy. Kumbuare bolsa «Nant» toparyndaky ilkinji duşuşygynda «Anže» toparyny myhmançylykda 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Beýleki habarlar