«Bawariýa» öňdeligi eýeleýär

17 Fewral 2021
1127

Germaniýanyň çempionaty «Bundesliganyň» öňdebaryjysy «Bawariýa» topary 2-nji basgançakda barýan «Leipsig» toparynyň fransiýaly goragçysy Daýo Upamekanony transfer etdi. 22 ýaşly oýunçy şu ýylyň 1-nji iýunynda täze toparynyň düzümine goşular. Upamekanonyň transferi üçin «Bawariýa» topary oýunçynyň «Leipsig» bilen şertnamasyna esaslanyp, onuň ozalky toparyna 42,5 million ýewro berer. «Bawariýa» ýaş goragçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Upamekano 2017-nji ýylda «Red Bull Salsburg» toparyndan «Leipsige» geçipdi. Ol bu klubda 139 oýunda 4 gezek tapawutlanmagy başardy. Şeýle-de, möwsümiň ahyrynda awstriýaly goragçy Dawid Alaba «Bawariýa» bilen şertnamasynyň tamamlanýandygy üçin başga topara geçer. Ol mýunhenliler bilen şertnamasyny uzaltmakdan ýüz öwrüpdi.

Beýleki habarlar