«Barselonanyň» 26-njy kubogy

17 Fewral 2021
1080

Basketbol boýunça Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň finalynda «El Klasiko» duşuşygy oýnaldy. Ýagny, Madrid şäherindäki «WiZink Center Sport» arenada «Barselona» bilen «Real Madrid» toparlary güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda «Barselona» 52:31 hasabynda öňe saýlandy. 2-nji ýarymda-da üstünlikli çykyşyny dowam etdiren «Barselona» garşydaşyny 88:73 hasabynda ýeňip, Ispaniýanyň Şa Kubogyny 26-njy gezek eýelemegi başardy. Bu ýeňişden soň «Barselona» kubogy iň köp gazanan «Real Madrid» (28 gezek) bilen arasyndaky tapawudy 2-ä düşürdi. Duşuşykda toparynyň ýeňiş gazanmagyna 20 utuklyk goşant goşan Kori Higgings final oýnunyň iň ökde basketbolçysy diýlip saýlandy.

Beýleki habarlar