Nobatdaky möwsüme badalga berildi

17 Fewral 2021
1075

Ýaryşda 200 aýlawy öňürti tamamlan.

Dünýäde iň köp tomaşa edilýän awtoulag bäsleşigi bolan NASKAR ýaryşlarynyň täze möwsümine badalga berildi. Her ýylda bolşy ýaly, Florida ştatynyň Daýtona Biç şäherinde geçirilýän möwsümiň ilkinji ýaryşy bu gezek hem çekeleşikli we dartgynly häsiýeti bilen tapawutlandy. Ýaryşda 200 aýlawy öňürti tamamlan «Front Row Motorsports» toparynyň sürüjisi Maýkl Makdowell ýeňiş gazandy. Ol «Ford» kysymly ulagy bilen ýeňiş gazanyp, «Chevrolet» kysymly ulaglaryň sürüjileri Çeýsi Elliotdan («Hendrick Motorsports» topary) hem-de Ostin Dillondan («Richard Childress Racing») öňe saýlandy. 73-nji möwsümine badalga berlen NASKAR ýaryşynda 2-nji bäsleşik 21-nji fewralda ýene-de Daýtona Biç şäherinde geçiriler.

Beýleki habarlar