Marokko Afrikanyň çempiony

17 Fewral 2021
981

Kamerunda geçirilen futbol boýunça Afrikanyň Milletler çempionatynda Marokkonyň ýygyndysy çempion boldy. Marokkolylar finalda Maliniň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Marokkonyň ýygyndysyna ýeňiş getiren pökgüleri 68-nji minutda Bouftini, 79-njy minutda El Kaabi derwezä girizdi. Bu Marokkonyň ýygyndysynyň 6-njy gezek geçirilýän ýaryşdaky 2-nji çempionlygy bolup, olar 2018-nji ýylda özlerinde geçirilen ýaryşda-da kubogy eýeläpdiler.

Ýygyndy toparlaryň 16-synyň gatnaşan bu ýaryşynda bürünç medala Gwineýanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Gwineýanyň ýygyndysy 3-nji orun üçin oýnalan duşuşykda ýer eýeleri Kamerunyň ýygyndysyny Sylla we Banguranyň pökgüleri bilen 2:0 hasabynda utdy. Ýaryşda 5 gezek tapawutlanan Sofiane Rahimi (Marokko) iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Ol şol birwagtyň özünde çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip hem saýlandy.

Beýleki habarlar