Bagym — barym hem barlygym

16 Fewral 2021
1470

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna — 30 million düýp nahal!

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Karary göwünleri galkyndyrdy. Şanly günleriň şanyny beýleki beýik işler bilen birlikde agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek arkaly dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu däpde geçmişe hormat, şu güne buýsanç, geljege ýagşy arzuw bar.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar