Sagdynlygyň sakasy

15 Fewral 2021
933

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen bedenterbiýe we sport hem uly ösüşlere eýe boldy. Sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejesindäki ýaryşlarda türkmen Tuguny belende göterjek türgenleri taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçiren beýik işleriniň netijesinde dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilen eziz Watanymyzda iri halkara ýaryşlaryny geçirmek bagtyýarlyk döwrümiziň asylly däbine öwrüldi. Sebit, yklym, dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny iň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçiren ýurdumyz bu babatda hem nusgalyk döwlete öwrülendir.

Şirmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar