Sporty ösdürmekde möhüm tapgyr

15 Fewral 2021
1094

Indi Garaşsyz Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynda diňe bir üstünlikli çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli derejeli ýaryşlary, dünýä çempionatlaryny özünde ýokary guramaçylykly geçirmekde hem ýeterlik tejribe toplady. 2017-nji ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde ýokary derejede geçirilen V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda paýtagtymyzda agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionaty muny doly tassyklaýar. Ýurdumyzda geçirilýän iri sport çäreleriniň guramaçylyk ýagdaýynyň we geçirilişiniň dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, tälimçileriniň ýokary bahasyna mynasyp bolmagynyň ilkinji sebäbi-de bu meseläni hormatly Prezidentimiziň hut özüniň üns merkezinde saklamagydyr. Bu guwandyryjy hakykat üstümizdäki ýylda hem şeýle bolar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan şu ýyl welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň kubogyny almak boýunça halkara tennis ýaryşynyň saýlama tapgyryny geçirmäge uludan taýýarlyk görýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda geçiriljek bu iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi we desgalarda türgenleşikleriň alnyp barlyşy bilen tanyşmagy, bu ugurda degişli tabşyryklary bermegi türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda, türgenlerimizi goldamakda we ruhlandyrmakda möhüm tapgyr boldy. Olimpiýa şäherçesiniň 6 müň orunlyk üsti ýapyk Welotrek sport toplumy şu ýylyň güýzünde welosport boýunça dünýä türgenleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlär. Habar berlişi ýaly, bu dünýä çempionatyna daşary ýurtlaryň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Çempionatda erkekleriň we zenanlaryň arasynda 10 görnüş boýunça jemi 20 ýaryş guralar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda bu ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikler we şertler bar. Daşary ýurtly bilermenleriň baha bermeklerine görä, bu ýerde degişli talaplaryň ählisi berjaý edilip, zerur maddy-enjamlaýyn binýat döredilipdir.

Babakuly HOJAMKULYÝEW,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Çärjew etraby boýunça hünärmeni.
Beýleki habarlar