Gözelligiň gönezligi

14 Fewral 2021
1567

Ekologiýa düşünjesi örän giňdir. Ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny, sazlaşykly ösmegini göz öňünde tutýar. Watanymyzyň baýlyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak we köpeltmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Milli Liderimiz ykdysadyýetiň pudaklarynda ekologik nukdaýnazaryndan has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns gönükdirýär. Howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik standartlar hem-de gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, durmuş maksatly desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplar kämilleşdirilýär. Milli ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» halkara maslahatynda, «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatynda, VII Bütindünýä Suw forumynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda öňe süren dünýä ähmiýetli başlangyçlary global ekologiýa meselelerini çözmäge Türkmenistanyň örän çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.

Ýegenmyrat SÄHETMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar