Röwşen günlere guwanan («Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan)

14 Fewral 2021
2538

Anyk ýadymda galypdyr, 1998-nji ýylyň alabaharydy. Bir gün iş ýerime —«Garagum» žurnalynyň redaksiýasyna ýazyjy Rejepmyrat Durdyýew geldi. Asla-ha ol Metbugat öýüne ýygy-ýygydan gelýärdi. Sebäbi iş ýeri «Magaryf» neşirýaty bu ýerden taýakatym ileridedi. Sulhumyz alşansoň, meni hamrak görýän ýazyjy şol gezek goltugynda göterip gelen galyň papkasyny uzatdy: — Inim, boş wagtyň şuny bir okap görsene. Redaktirlejek diýseňem garşy bolup durman. Iki bähbidiň bolar, hem-ä bilmeýän zatlaryňy taparsyň, hemem eliň türgenlener.

Höweseklik bilen okap ugradym. Hat ýazýan maşynkadan geçen kagyzlaryň ilkinji sahypasynyň dik depesindäki ýazgyda nazarym esli eglendi: «Gardaş! Bir pursat aýak çek-de, daş-töweregiňe, geçmişiňe ser sal! Ömrüňde näme işler bitirdiň? Geljek nesle nämeler goýýaň?». Kelläme gelen pikir: «Beh, bu adam aňyrdan-durmuş filosofiýasyndan tutýar-aý. Beýle towlamy başdan berk işilen eseriň bir hikmeti-hä bolmaly».

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar