Milli ýörelge — ömre görelde

12 Fewral 2021
1212

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkymyza wepaly, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda aladalar edýär. Munuň üçin ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de bu işi amal etmekde şöhratly taryhymyzy öwrenmegiň hem tutýan ornuna uly baha berilýär. Çünki halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň durmuş ýoly, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri ýaş nesli Watana, il-halka wepaly, tutanýerli, maksada okgunly, arassa ahlakly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň taryhy giňişleýin öwrenilip, ata Watanymyzyň at-abraýyny beýgelden görnükli şahsyýetlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Maddy gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldilip, olar ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny öwrenmekde ýaşlar üçin esasy çeşmeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerimize gezelençler guralyp, ol ýeriň taryhy aýratynlygy, häzirki döwürdäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu bolsa biz — ýaşlaryň ata-babalarymyzyň edim-gylymlaryny öwrenmegimiz, olaryň ýokary ahlak sypatlaryny özümizde terbiýelemegimiz üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Abdyrahym NURBERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar