Ekologiýa kanunçylygynyň ösüş ugurlary

11 Fewral 2021
1618

Dünýä ýüzünde daşky gurşawy goramak häzirki wagtyň aýratyn uly üns berilýän meselesi bolup durýar. Bu mesele biziň diýarymyzda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan ekologik howpuň döwlet derejesinde nähili netijelere getirip biljekdigini we öz üstüne kabul edip alan halkara borçnamalaryny göz öňünde tutup, daşky gurşawy gorap saklamagyň hukuk esaslaryny öz Konstitusiýasynda, «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitleýär.

Türkmenistanda ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi, ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtynda maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Täze kabul edilen Kanun ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda ulanylýan esasy düşünjelere, adalgalara kesgitleme berilmegi, onuň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin örän amatly bolup durýar.

Gülzar Aşyrowa,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar