Gopuzyň owazy şirin

10 Fewral 2021
1568

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky geçmiş taryhynda 70-den gowrak dürli saz gurallaryny döredipdir. Şeýle saz gurallarynyň biri bolan gopuzy örän arassa, saýlama demirden ýasapdyrlar. Etrabymyzyň Esgi geňeşliginiň ýaşaýjysy demirçi ussa Nurgeldi Joraýewiň aýtmagyna görä, eger gopuzy ýasap, onuň dilini gije daksaň, owazsyz, gündiz daksaň, goh-galmagally, daňdan — guşlaryň saýraýan säher çaglarynda daksaň, saýrak guş ýaly owazly bolarmyş.

Gopuz belli bir ölçege eýe bolman, onuň ululy-kiçili görnüşleri bar. Möçberlerine görä, olaryň sesleri belentli-pesli bolýar. Bu saz guraly eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanylýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Dutarda sese ýaň berýän onuň kädisi bolsa, gopuzda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlary çalmagyň hötdesinden gelip bilýär.

Näzik BABALYÝEWA,
Saýat etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar