Goňşy ýurtda dogan

9 Fewral 2021
1895

Döwlet Baştutanymyz: «Dünýä türkmenleri bilen dostluk-doganlygy, medeni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek Türkmenistanyň hoşniýetli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde hemişe berkidiler» diýip, nygtap geçýär. Şu babatda duldegşir goňşymyz Eýranda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem uly ähmiýet berilýär. Bar bolan maglumatlara görä, häzir Eýran Yslam Respublikasynda 2-3 million töweregi türkmen ýaşaýar.

aryha ýaň salan merdana türkmen gerçekleri goňşy Eýran topragynda hem öçmejek yz galdyrypdyrlar. Beýik Seljuk şadöwletini esaslandyryjylaryň biri Muhammet Togrulbegiň aramgähi Reý (Tähranyň golaýynda) şäherinde ýerleşýär, Maşatda bolsa türkmeniň beýik ogullary Baýram han bilen Nedir şanyň guburlary bar. Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy Eýranda, Gürgen derýasynyň boýunda ýerleşen Hajygowşan obasynda eneden bolýar. ХVIII — ХХ asyrlarda ýaşan başga-da birnäçe nusgawy türkmen şahyrlarymyzyň durmuşy hem Eýran bilen ýakyndan baglanyşykly bolupdyr: Magtymgulynyň ýegeni Gurbandurdy Zelili Gürgen medresesinde okan. Mahmyt Gaýyby bilen Misgingylyç Gürgen sebitlerinde ýaşapdyr. Şonuň ýaly-da şahyr Abdylla Şabende Eýranda bolupdyr. Bu maglumatlar iki goňşy döwletiň medeni, ylym, bilim ulgamdaky gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

Tirkeş AMANÝAZOW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar