Gündogaryň beýik danasy

9 Fewral 2021
1076

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

«Beýleki planeta hem biziňki ýaly tebigy häsiýetli bolup biler» diýip, ynam bilen ýazan Abu Reýhan Biruny älemde Ýere meňzeş başga-da planetalaryň bolmagynyň mümkindigi hakda kesgitli gürrüň edipdir. Onuň pikirine görä, beýleki dünýä haýsydyr bir böwet zerarly bizden arany açypdyr. Biruny tebigatda boşluk ýok diýen düşünjäni goldap, «beýleki dünýäler» hakyndaky düşünjäni öňe sürüpdir. Bu meselede ol özünden ozalky pikirdeşlerinden öňe gidipdir.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar