Hörele, düýäm, hörele!

8 Fewral 2021
2255

Düýe maly gadym döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp gelýär. Ata-babalarymyz düýeleri ýük daşamakda, kerwene goşup, argyşa gitmekde, ýer sürmekde ulanypdyrlar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda has anyk söhbet edilýär. Beýik Ýüpek ýolunda uzak-uzak ýollary, uç-gyraksyz sähralyklary, çägeli çölleri, gözýetmez giňişlikleri geçmekde düýeler esasy hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, menziline garan düýeler ählitaraplaýyn peýdalydyr.

Halkymyzyň düýe malyna bolan yhlasy, söýgüsi medeni mirasymyzyň dürli ugurlarynda, esasan hem, amaly-haşam sungatynda, senetçilikde, halk döredijiliginde giň beýanyny tapýar. «Düýäm bar — dünýäm bar», «Düýäni yzyndan tanarlar, adamy — lakamyndan», «Düýe garrasa, botasyna eýerer», «Düýäniň haýsy tarapa gidenini gumalagy aýdar», «Düýede howut bolmasa, Soltan Weýis neýlesin?» ýaly nakyllar hem munuň aýdyň güwäsidir.

Aýbölek KÖÇEKOWA,
Serdar şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar