Sport bilen aýdyň geljege tarap

5 Fewral 2021
993

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna bagyşlanyp, talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň ýaşlary sporta höweslendirmek barada öňde goýan wezipeleri, Maksatnamada bellenen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek barada işjeň gürrüň edildi. Ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegini, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasyna, zähmete söýgi döretmek maksady bilen guralýan çäreleriň ähmiýeti buýsanç bilen nygtalyp, ata Watanymyzy halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Oguljennet ORAZOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar