Ylmyň önümçilige gatnaşyklary

4 Fewral 2021
2724

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi we onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda Türkmenistanyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamaga möhüm orun degişlidir. Şu jähetden Gahryman Arkadagymyzyň ylmyň önümçilige işjeň goşulyşmagy babatda öňde goýýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň işlerinde öz beýanyny tapýar. Alymlar öz ylmy-barlag işlerini Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alyp barýarlar.

Häzirki zaman alymlary ykdysadyýetiň binýadynyň, esasan, üç sütünden, bitewi üç halkadan, üç esasda tutulandygyny belleýärler. Hususan-da, bu üç bitewiligi ykdysadyýetçileriň dilinde aýdanymyzda, birinji esas — bilim innowasion tehnologiýalarda, milli we dünýä tejribesiniň gazananlarynda guralýan häzirki zaman önümçiligini dolandyrmak üçin halkara derejeli hünärmenleriň zerurlygyny talap edýär.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar