Arassa howa — saglyga güwä

4 Fewral 2021
1559

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän hukuk özgertmeleri ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ykdysady ösüşiň häzirki şertlerinde adamzat jemgyýetini ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meselelerden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäniň, sebitiň we ýurdumyzyň daşky gurşaw bilen bagly ekologik meselelerini çözmekde kadalaşdyryjy hukuk namalaryna uly orun degişlidir.

Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň, Çölleşmäge garşy göreş baradaky, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýalaryna goşulyşdy we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak bilen baglanyşykly birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, hususan-da, «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Döwran KARAJAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar