Ekologiýa abadançylygy ugrunda

3 Fewral 2021
2030

Ýurdumyzyň tebigatyny, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak hem-de ony geljek nesillere mynasyp derejede ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygy üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýyjy we durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edip, tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidilýär.

Türkmenistan BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça köptaraplaýyn resminamalaryna işjeň gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, şeýle hem Ýaponiýada geçirilen «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä suw forumynda we beýleki halkara maslahatlarda öňe süren netijeli başlangyçlary hem dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapdy. Mundan başga-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, Sebitleýin tehnologiýalar merkezini döretmek, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmek we Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamalaryny, BMG-niň suw boýunça resminamasyny taýýarlamak ugrunda ýetilen sepgitleri görkezmek bolar.

Batyrgeldi MYRADOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Büzmeýin etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar