Sport ruhubelentlikdir

2 Fewral 2021
1628

Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir» diýip bellemek bilen, ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de ösdürmek bilen birlikde, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şeýle hyzmatdaşlyklaryň netijesinde türkmen sportunyň dünýädäki şan-şöhraty barha belende galyp, Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki orny pugtalanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bu gün türkmen sporty ösüp, şan-şöhraty belentliklere çykýar, ýurdumyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketleri giň gerim alýar. Munuň şeýle bolmagynda eziz Diýarymyzyň çäginde gurulýan sport maksatly desgalaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlaşdyrylan sport mekdepleri, toplumlary, meýdançalary we bu ugra degişli beýleki desgalar hereket edýär. Paýtagtymyzda köpugurly sport toplumlary, sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen häzirki zaman desgalary, şeýle-de Olimpiýa şäherçesi bar. Bu zatlar türkmen sportunyň şan-şöhratyny has-da belende göterjek türgenleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Meýlis DURDYÝEW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar