Olimpiýa şäherçesi — halkara ýaryşlaryň merkezi

1 Fewral 2021
1268

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlar hasaplanylýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän resminamalar berk bedenli ýaşlary terbiýelemekde hukuk binýadyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary bilen sport ulgamynda ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Watanymyzda milli Liderimiziň göreldesine eýerýän ýaşlar sportuň birnäçe görnüşinden başarnyklaryny artdyrýarlar. Muňa halkara sport bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýan we baýrakly orunlary eýeleýän türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesine seredenimizde, has aýdyň göz ýetirýäris.

Milli Liderimiziň: «Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe üns bereris» diýip belläp geçişi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry geçiriler. Şeýlelikde, merjen şäherimiz Aşgabatda halkara derejeli ýaryşlaryň ýene biri geçirilip, sportuň we sagdynlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende göterer.

Allaberdi BERDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar