Milli ýörelgelerimiziň waspy

29 Ýanwar 2021
1037

Bereket etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen bäsleşik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanan beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini çeper sözlerde buýsanç bilen wasp etdiler. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapdan bir parçany labyzly okadylar hem-de kitapda beýan edilýän rowaýatdyr wakalardan sahnalaşdyryp görkezdiler. ªeýle-de, döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini gazallaryň, aýdymlaryň we goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

Täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenende, etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň režissýory Altyn Tagandurdyýewa birinji, Isgender oba medeniýet öýüniň tans goýujysy ªeker Amanowa ikinji, etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Annabibi Baýjanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Baýrakly birinji orny eýelän bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Sähetmyrat TOÝJANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar