Sport — sagdynlygyň açary

29 Ýanwar 2021
1402

Saglyk ynsanyň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygydyr. Sagdyn jemgyýet bolsa, döwletiň mizemez binýady bolup durýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda watandaşlarymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde gazanylýan ösüşler hem äşgär edýär. Ine, şeýle işleriň amala aşyrylmagy bilen ata Watanymyz bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýar.

Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amal edilýän ähli döwletli tutumlar häzirki wagtda giň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek iri halkara sport ýaryşy bolan Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwrangylyç PURRYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar