Kitap paýhasyňy durlaýar

28 Ýanwar 2021
3277

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp eserleri bilim işgärleri üçin hem bahasyna ýetip bolmajak ýakyn gollanmadyr.

Ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan kitaplary ýaş nesliň döwrebap terbiýe almagynda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň eserleri kalbyňy durlaýar, täze oýlanmalara, ahlak päklige, ruhy kämillige galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitabyndaky: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin, ylmyň, bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr» diýen jümleleri kitabyň gymmatynyň egsilmezdigini görkezýär.

Gülbahar WELLENOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar