Dünýä Kubogy ugrunda

27 Ýanwar 2021
1243

FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy boýunça futbol ýaryşlarynyň bijeleri çekildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilmeli ýaryşlar 4 — 11-nji fewral aralygynda Katarda guralar. Her yklymyň Çempionlar ligasynyň ýeňijilerini jemleýän ýaryşlara gatnaşýan 7 toparyň diňe biri häzirlikçe belli däl. 30-njy ýanwarda oýnaljak finaldan soň Libertadores kubogynyň ýeňijisi-de bu ýaryşlara goşular. Okeaniýa zolagynyň çempiony «Oklend Siti» topary bolsa, ýaryşlardan çekilýändigini mälim etdi. Çekilen bijä laýyklykda, 2-nji tapgyrda ýer eýesi Kataryň «Al-Duhail» topary bilen Afrikanyň çempiony «Al-Ahli» (Müsür) duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi çempionlygyň esasy dalaşgäri «Bawariýa» bilen ýarym finalda özara güýç synanyşar. 2-nji tapgyryň ýene bir oýnunda Demirgazyk Amerikanyň çempiony «Tigres UANL» (Meksika) bilen Aziýanyň çempiony «Ulsan Hyundai» (Koreýa Respublikasy) toparlary duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi-de Günorta Amerikanyň çempiony boljak topar bilen finala çykmak ugrunda özara güýç synanyşar.

Duşuşyklar Kataryň Al-Raýýan şäherindäki 40 müň orunlyk – Ahmed bin Ali hem-de «Education City» stadionlarynda oýnalar. Oýunlara BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed, senegally Maguette N’Diaýe, gwatemalaly Mario Eskobar, braziliýaly Edina Alwes Batista, urugwaýly Leodan Gonzales, taitili Abdelkader Zitoni hem-de gollandiýaly Danni Makkeli eminlik eder.

Beýleki habarlar