Ýewropa çempionaty geçirildi

27 Ýanwar 2021
1191

Polşanyň Gdansk şäherinde Şort trek konkili ylgamak boýunça Ýewropanyň çempionaty geçirildi.

Jemi 10 ugurdan geçirilen bäsleşiklerde sportuň bu görnüşiniň öňdebaryjysy hasaplanýan Niderlandlaryň türgenleri 5, Russiýanyň wekilleri 4 altyn medallary gazandy. Ýene-de bir altyn medaly fransiýaly türgenler eýelemegi başardy. Erkekleriň arasynda 500 metr aralyga bäsleşikde russiýaly Konstantin Iwliýew ýeňiji boldy. 1000 we 1500 metr aralyga ýaryşlarda Semýon Ýelistratow öňe saýlandy. Ol umumylykda-da iň köp utuk toplan türgen bolup, altyn medala mynasyp boldy. Italiýaly Pietro Sighel umumy sanawda 2-nji, gollandiýaly Itzhak de Last 3-nji ýeri eýeledi. Toparlaýyn 5000 metr aralyga estafeta bäsleşiginde Niderlandlaryň ýygyndysy altyn, italiýalylar kümüş, russiýaly lyžaçylar bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Beýleki habarlar