Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

27 Ýanwar 2021
1684

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban halkymyzyň eziz Diýarymyza bolan buýsanjyna buýsanç goşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek ýylda ýurdumyz döretmegiň we gurmagyň ýoly bilen öňe gidip, bedew batly ösüşleriň has-da belent sepgitlerine eýe bolar.

Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolandyr. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna merdana ata-babalarymyzyň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar belent maksatlara öwrülende beýik işler amala aşýar hem-de dünýäni haýrana goýýar.

Şirinjemal OTUZOWA,
TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar