Futbolyň gyşky transfer möwsümi

27 Ýanwar 2021
1195

Futbolda gyşky transfer möwsümi ýokary depginlerde dowam edýär. Italiýanyň «Milan» topary serbiýaly hüjümçi Mario Manžukiçi möwsümiň ahyryna çenli kärendesine düzüme goşdy. 34 ýaşly oýunçy şowly oýun görkezse, onda şertnamanyň möhleti ýene-de bir ýyla uzaldylar. Italýan topary «Fiorentina» hem «Spartak Moskwanyň» russiýaly hüjümçisi Aleksandr Kokorini transfer etdi. Italýan topary 29 ýaşly hüjümçi bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Türkiýäniň «Fenerbahçe» topary-da «Arsenaldan» germaniýaly ýarymgoragçy Mesut Özil bilen düzümini güýçlendirdi. Stambullylar Özil bilen 3,5 ýyllyk şertnama gol çekişdiler. «Bundesligada» iň aşaky orunda barýan «Şalke» topary «Aýaksdan» gollandiýaly hüjümçi Klaas-Ýan Huntelaary ýarym ýyllyk möhlet üçin transfer etdi. Weteran hüjümçi 2010 — 2017-nji ýyllar aralygynda-da «Şalkede» oýnapdy. Şeýle-de, «Napoliniň» polşaly hüjümçisi Arkadiuş Milik mundan soň sport ýoluny «Marsel» toparynda dowam etdirer. 26 ýaşyndaky hüjümçi 1,5 ýyllyk şertnama gol çekdi. «Real Madridiň» horwatiýaly hüjümçisi Luka Ýowiç hem ozalky topary «Aýntrahta» dolandy. 23 ýaşyndaky oýunçy möwsüm tamamlanýança nemes klubunda kärendesine çykyş eder. Ol eýýäm 2 duşuşykda oýnap, 3 gezek tapawutlanmagy hem başardy. Ispaniýaly hüjümçi Diego Kosta bilen şertnamasyny ýatyran «Atletiko Madridiň» onuň öwezine «Liondan» fransiýaly hüjümçi Mussa Dembeleni düzümine goşdy. Dembele madridlileriň düzümine 2022-nji ýylyň tomsuna çenli kärendesine çykyş eder. Dembeleni «Atletiko Madride» ugradan «Lion» topary «Lester Sitiniň» alžirli hüjümçisi Islam Slimani bilen şertnama baglaşdy.

Beýleki habarlar