Milli demokratiýanyň täze ýalkymy

27 Ýanwar 2021
1229

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan mukaddes ýörelgeleri netijesinde parahatçylyksöýüjilikli, döredijilikli ösüşler bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetiň asudalygyny hem-de agzybirligini üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmäge gönükdirilen demokratik ýoly saýlap aldy.

Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy mejlise gatnaşyjylara hödürlenildi. Bu hukuk resminamasy Halk Maslahatynyň karary bilen biragyzdan makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek bilen bagly başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly ulgamyna geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer.

Ýazmyrat BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň welaýat boýunça iş ýöredijisi.
Beýleki habarlar