Gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamy

26 Ýanwar 2021
1688

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Milli Goşunyň döredilenine 29 ýyl dolýar. Täze ýylyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde bellenilýän bu baýramçylyk ata Watanymyza bolan söýgimizi, halkymyz bilen Milli Goşunymyzyň jebisligini şöhlelendirýär.

Şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna iberýän Gutlagy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek bilen baglanyşykly Permanlary merdana Watan goragçylarynyň wezipe borçlaryna bolan höwesini we jogapkärçiligini has-da ýokarlandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Uludan tutulýan toý bagtyýar raýatlarymyzyň watançy ogul-gyzlaryna bolan buýsanjyny dabaralandyrýar. Baýramçylygyň şanyna giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni çäreler, göwün göteriji aýdym-sazly çykyşlar, teatrlaşdyrylan sahnalar mert pederlerimiziň Watana, halka wepalylyk ýaly asylly ýörelgelerini döwrebap harby däp-dessurlar arkaly dowam etdirýän harby gullukçylaryň hem-de olaryň ýerine ýetirýän belent borjunyň waspyny ýetirýär.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar