Türkmen hoşniýetliliginiň şöhlelenmesi

26 Ýanwar 2021
1460

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň düýp manysy ynsanperwerlikdir, esasy häsiýetnamasy bolsa parahatçylyk söýüjilikdir. Bitaraplyk halkyň arzuw-isleglerini, ýagşy niýetlerini beýan eden Gündogar edebiýatymyzyň we türkmen nusgawy edebiýatymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçen ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, asudalyk, parahatlyk duýgy-düşünjeleri arkaly aňladylypdyr.

Türkmen halky hoşamaýlygy, hoşniýetli gatnaşygy ýaşaýyş durmuşyndaky ilkinji ýörelgelerine öwren we muny görüm-görelde esasynda nesillerinde terbiýeleýän halklygy bilen häsiýetlenýär. «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar» ýaly ajaýyp pähimlere eýeren, zandy hoşniýetlilige ýugrulan türkmen adam gatnaşyklarynda hemişe-de akylyň güýjüne, sözüň gudratyna daýanan we bu ýörelgelerden rahatlyk, döwlet tapan halk. Edebiýatymyza siňen «Aýrylmaz goňşyňa agyryly söz aýtma», «Söýenişen — ýykylmaz», «Arkalaşan — dag aşar» ýaly halk aýtgylarymyz ynsan gatnaşyklarynda we döwletara gatnaşyklarynda synalan tejribeler esasynda döredilendir.

Gurbangözel KÖMEKOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar