Ekologiýa syýasaty

26 Ýanwar 2021
1836

Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassalygy adamlaryň saglygynyň kepili, hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreşmek, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny goramak bilen baglanyşyklydyr. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde gözýetime çenli uzap gidýän tokaý zolaklary emele geldi.

Gahryman Arkadagymyz her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berýär. Köpetdagyň eteginde pürli we ýaprakly agaçlaryň ekilýän meýdanlaryň gerimi giňäp, guşlaryň, şol sanda seýrek gabat gelýän haýwanlaryň köp görnüşleri üçin ýaşaýyş meýdanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, bioköpdürlüligi we tebigy täsinlikleri gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Bägül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýalar fakultetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar