Elbukja

26 Ýanwar 2021
2006

Halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip döreden maddy gymmatlyklary biziň buýsanjymyzdyr. Şolaryň biri hem elbukjadyr. Olar zenanlarymyzyň milli hünäri hökmünde bellidir. Durmuşda tertipli we ykjam bolan ene-mamalarymyz biçip-tikmekde, keşde çekmekde döredijilikli işläp, her bir zady sungat derejesine ýetiripdirler. Olaryň hünärli gollaryndan çykan her bir işleri göreniňde gözüň dokunýar.

Sünnälenip edilýän bukjalaryň dürli görnüşleri bar. Haly, keçe we parça (mata) bukjalar, örme we palas bukjalar dürli ululykda taýýarlanypdyr. Şol bukjalara egin-eşikler, matadyr beýleki lybaslar salynsa, kiçi bukjalara aýna-darak salnypdyr.

Amantäç AGALYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar