Lybaslaryň seresi — gyz-gelniň bezegi

25 Ýanwar 2021
1507

Asyrlaryň synagly günlerini, ýyllaryny geçip biziň bagtyýar günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz barada pikir edeniňde, türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden dörän milli el işleri hakydaňda janlanýar. Şol milli el işleriniň içinde zenan zähmetinden, yhlasyndan önýän, sünnälenip dokalýan keteniler milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Gyz-gelinleriň geýýän milli lybaslarynyň seresi bolan, owadanlygy gözüň ýagyny iýip gelýän ketenini dokamak irginsiz zähmeti, sabyrlylygy talap edýän inçe senetdir. Lowurdusy älemgoşar deýin, ýöräniňde şowurdysy bir ajap mukama meňzeş türkmeniň milli ketenisine dünýä ýüzi hyrydar. Şeýle gözelligi öz çeper eli bilen döredip, ençeme ýyl bäri “keteniçi gelneje” adyny alan, Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň işjeň agzasy Gyzylgül Orazmämmedowa keteni dokamagyň inçe syrlary dogrusynda şeýle gürrüňleri berdi:

—−Senetçilik halkymyzyň gadymy we müdimi mirasydyr. Dokmaçylyk hem, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halkymyzyň dokmaçylyk senedinde zenanlaryň çeper ellerinden, dörän, nepislik bilen dokalýan ketenä esasy orun degişlidir. Gözelligiň gönezligi hasaplanylýan zenanlaryň her bir işinde söýgi bilen yhlasy görmek bolýar. Gadym döwürlerden bäri biziň enelerimiz uzynlygy 5 metr töweregi, ini 3 metr töweregi bolan, Kargaý (keteni dokamak üçin ulanylýan gural) guralynda el zähmeti bilen birlikde, peşbar (keteni dokalanda aýagy herekete geçirmek üçin ulanylýan gural) guralyna aýagyny salyp, hereketlendirip, nepis milli ketenileri dokapdyrlar. Biz hem sekiz gyz dogan bolup, enemiziň göreldesine eýerip, herimiz bir el işini ýerine ýetirerdik. Enem pahyryň özüniň dokmaçylyk bilen bagry badaşan ýalydy. Öý işlerini bir ýüzli edip, ir ertirden giç agşama çenli keteni dokap, maňlaý derini sylar oturardy. Öz kesbini birkemsiz ele alyp, ejeme hem öwredipdi. Öýümize ilkinji gelýän nätanyş adamlar “Annasona keteniçilermi” ýa bolmasa, ejemiň adyny tutup, “Orazbibi keteniçileriň öýümi” diýip gelerdiler. Özüm hem bu senedi sekiz ýaşymda enem pahyrdan öwrenip başladym. Ilki-ilkiler çagalyk ýyllarynyň güýmenje oýunlaryna üns berip, biperwaýragam garaýardym, ýöne, enem janyň irginsiz yhlasy we söýgüsi bilen bu hünäri doly kämilleşdirip, 54 ýyl bäri keteni dokap, gyz-gelinleriň isleglerini kanagatlandyryp gelýärin. Bu gadymy soňlanmaz senet meniň ykbalyma öwrüldi diýsem hem ýalnyşdygym bolmaz.

Beýleki habarlar