Sport. Sport. Sport.

25 Ýanwar 2021
1401

Ýaş türgeniň üstünligi

Ýakynda welaýatymyzyň orta mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň 14-si Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi boldy. Olaryň arasynda çagalykdan sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeläp gelýän Wekilbazar etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Azat Myradow hem bar. Azat Sakarçäge etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýar. Onuň çagalykdan sporta bolan söýgüsi, höwesi, bu ugurdaky üstünlikleri ene-atasyny, mugallymlaryny, tälimçisini hem-de deň-duşlaryny guwandyrýar.

Beýleki habarlar