Ekologiýa ulgamyndaky halkara gatnaşyklary

25 Ýanwar 2021
1659

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirlendir. Adamzat gadymy döwürlerden bäri tebigaty hemmetaraplaýyn gorap saklamak we onuň tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak barada dürli çäreleri amala aşyryp gelipdir. Adamzat jemgyýetiň tebigat bilen özara gatnaşygynyň häsiýetini üýtgetmek bilen bütin taryhyň dowamynda daşky gurşawa täsir etmekde öz ukybyny ösdüripdir we kämilleşdiripdir.

Tebigat adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Bir söz bilen aýdylanda, adam tebigatyň bölegidir. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki taýdan üpjünçiligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: “Biz daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys».

Beýleki habarlar