Bagtyň goşa ganaty

23 Ýanwar 2021
1365

ýa-da sportuň ýakymly dünýäsi hakda kelam

Sportuň ýaryş, bäsdeşlik ruhy hem bardyr welin, göwnüňe bolmasa, onuň baýramçylyk ruhy has rüstem gelýän ýaly. Eger sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşiniň janköýeri bolsaňyz, gyzykly ýaryş dowam edýärkä, dünýäni unudyp, tutuş kalbyň bilen şol ýaryşa siňmegiň duýgusy siziň üçin ýat däldir. Soňky bir ýyl bäri Ýer ýüzi şeýle ýaryşlara teşne boldy. Koronawirus ýokanjy adamzady az salymlyk hem bolsa iri sport ýaryşlaryna (diýmek, baýramçylyklara) arakesme bermäge mejbur etdi. Ýöne 2021-nji ýylyň umyda, ynama beslenen howasy bize ýene-de iri sport baýramçylyklarynyň ýakymyny buşlaýar. Täze ýylyň 20-nji ýanwar güni şol ýakym bizi ýene öz dünýäsine dolady.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar