Berkarar Diýarymyzyň sport abraýy artýar

22 Ýanwar 2021
1376

Mähriban Diýarymyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak, degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar