Mukaddes borjumyz

22 Ýanwar 2021
1576

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýüjilik we merdi-merdanalyk, gahrymançylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Merdana pederlerimiziň mertlik mekdebiniň dowamaty bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goranyş häsiýetli, söweşjeň ukyply milli goşunymyzdyr. Şeýle kämil goşunda gulluk edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny artdyrmak, döwletimiziň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny goramak ýaly mukaddes borjy amala aşyrýan Watan goragçylarymyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr. Eziz Arkadagymyzyň giň gerimli harby özgertmeleri netijesinde milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Eziz Arkadagymyz Watan goragçylarynyň maddy we ruhy üpjünçiligini sazlaşykly guramagyň netijeli ugurlary bilen birlikde, milletimiziň adyny edermenlikleri bilen taryhyň altyn sahypalaryna ýazan gahryman serkerdelerimiziň şöhratly däplerini wagyz etmekde, watansöýüjiligiň we serkerdelik tälimleriniň belent nusgasyny görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby uçary dolandyrmakda, söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekde, nyşanany dürs urmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda görkezýän ajaýyp şahsy göreldesi Watan goragçylarymyza söz bilen beýan edip bolmajak buýsanç eçilýär.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.
Beýleki habarlar