«Dostluk» ― türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda taryhy waka

22 Ýanwar 2021
1340

Mundan bir hepde çemesi ozal Owganystan bilen halkara taslamalaryň täze toplumyna badalga beren Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy baýdak edinen ýylyň ilkinji aýynda halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimi ätdi. Özi-de ýene bir goňşusy ― Azerbaýjan bilen. Ýakynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki goňşy döwletiň Hökümetleriniň arasynda Ähtnama gol çekilmegi taryhyň çuňluklaryndan geçip gelýän türkmen-azerbaýjan dostlugynyň döwrebap röwüşdäki dowamyna öwrüldi.

Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji daşary ýurtly myhmanlarynyň biri boldy. Dostlukly döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul eden milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyr. Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde iki iri energetika döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boýunça köpýyllyk işler öz netijesini berdi. Hazaryň jümmüşindäki «Dostluk» ýatagy şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidir.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar