Bagtyýarlygyň gözbaşy

22 Ýanwar 2021
1230

Watan goragçylarynyň gününi bellemäge taýýarlyk görýän ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri esasy işiniň daşyndan şanly ýyllarymyzy sport üstünliklerine hem besleýärler. Olaryň fiziki taýdan hemişe taýýarlykly we sagdyn bolmagyny üpjün edýän sport ýaryşlary netijeliligi bilen hem guwandyrýar. Bu işlerden ýurdumyzyň kazyýet işgärleri hem çetde duranok.

Hormatly Prezidentimiziň, Belent Serkerdebaşymyzyň sport hereketiniň esasy wagyzçysy bolup durýandygy nygtalmaga mynasypdyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanmakda milli Liderimiziň hut özi belent görelde görkezýär. Bu göreldä eýerýän watandaşlarymyz sporty ýaran edinip, ukyp-başarnyklaryny halkara ýaryşlarda hem ykrar etdirýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar ýokarda agzalan hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar. Ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň sportuň bu ýeňil bolmadyk görnüşi boýunça dünýä çempiony bolmagy köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketiniň ajaýyp miweleriniň biridir.

Merdan HOJAMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň halkara hukuk gatnaşyklary bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar