Taryhy wakalaryň şanyna

21 Ýanwar 2021
1606

Ozal habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde bolup geçen taryhy wakalar, ýagny Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometr demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň, şeýle-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi mynasybetli, şu günler Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda maslahatlar geçirilýär. Düýn şeýle maslahatlar ýurdumyzyň medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary, söwda ulgamlarynda geçirildi.

Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda geçirilen maslahat «Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýarlygyň goşa ganaty» diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, döredijilik işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden belleniljek ýylyň başynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti, many-mazmuny, şeýle-de türkmen-owgan dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çeper edebiýatda, halk döredijiliginde, milli mirasda aýdyň şöhlelenen köpasyrlyk taryhy kökleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatda şu taryhy ýylyň başynda işe girizilen täze desgalaryň ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen 30 sany dürli desgalardyr binalaryň ilkinji bäşisi hökmünde şanly ýylyň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy nygtaldy.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar