Türkmen sportunyň dünýäde dabaralanmagy

21 Ýanwar 2021
1416

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimize adalaty dabaralandyran hoş habar gelip gowuşdy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize iberen hatynda 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seredilendigi hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa altyn medalyň gowşurylýandygy, bu sylagy oňa şu ýyl geçiriljek Agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşuryljakdygy barada aýdylýar.

Şu mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata sport ulgamynda zähmet çekýän işgärler işjeň gatnaşdylar. Maslahatda welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygy Serdar Çäşemow, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Zeripbaý Kerimbaýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Yhlas Çaryýew dagy çykyş edip, bu buýsançly wakanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde ýaşlar üçin döredilýän ägirt uly mümkinçilikleriň netijesidigini, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigini guwanç bilen bellediler. Ýaşlarymyzyň gazanýan her bir üstünligi ata Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär.

Beýleki habarlar