Hoşniýetli goňşuçylygyň nusgalyk göreldesi

19 Ýanwar 2021
1326

Dünýä döwletleridir halkara guramalar Türkmenistany ygtybarly, hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär. Ata Watanymyz sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasyna edýän ynsanperwer goldawlary we harytlaryňdyr hyzmatlaryň ýeňillikli bahalardan berilmegi owgan halky hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kanagatlanma bilen kabul edilýär.

Üstümizdäki ýylyň 14-nji ýanwarynda açylyp ulanylmaga berlen taslamalar — Akina — Andhoý aralygyndaky demir ýol şahasynyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi goňşuçylykdan strategik hyzmatdaş derejesine göterilen türkmen-owgan gatnaşyklarynyň şu günki sepgidiniň aýdyň nyşanydyr. Gürrüňi edilýän açylyşlarda owgan Lideriniň öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetine TOP 500 kW taslamasy üçin elektrik energiýasynyň bahasynyň 6 sentden 3,5 düşürilendigi üçin minnetdarlyk bildirmegi halkymyzyňdyr döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwerliginden, sahawatlylygyndan habar berýär. Milli Liderimiziň sahawatly kararlary esasynda indi uzak ýyllaryň dowamynda Owganystan elektrik energiýasyny, suwuklandyrylan gazy we beýleki harytlary ýeňillikli bahalardan satyn alýar ýa-da ynsanperwer kömek hökmünde kabul edýär. Bu goňşy döwletiň içerki syýasy, ykdysady, iş bilen üpjünçilik we beýleki ýagdaýlaryny kadalaşdyrmakda juda uly goldawdyr.

Süleýman SEÝITOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar